Top.Mail.Ru
 

VRScope X5 Pro-M

VRScope X5 Pro-M –bu Coantec -iň öňdebaryjy tehnologiýany we ýokary hilini birleşdirýän ýokary takyk senagat wideoendoskopydyr. Ultraýagty yşyk çyrasy we 7"-lyk HD hilli displeýiň kömegi bilen, bu wideoendoskopy barlanýan enjamlary we onuň böleklerini ajaýyp aýdyňlyk we jikme-jiklik bilen görmäge mümkinçilik berýär. Ýeke-täk goşa güýç ulgamy 8 sagada çenli batareýanyň işleýişini üpjün edýär. Takyklygyň we netijeliligiň täze derejesi siziň ygtyýaryňyzda!
Bahasy: 100 797 TMT
Satyjy kody: C00052
VRScope jemlegi X5 Pro-6020M (D) + çalşyrylýan kenar obýektiw.

Görkeziş zalynyň soňky nusgasy.
Click to order
Kepillik möhleti
3 ýyla çenli
kepillik berýäris
Hyzmat işleri
Moskwadaky we Şençzhenen şäherindäki hyzmat merkezi
Eltip bermek
Islendik şähere eltýäris
Goldaw
Okuw we kwalifikasion tehniki goldaw işleri ýerine ýetirýäris
Coantec VRScope X5 Pro-M bahasynyň kalkulýatory
=
+
Esasy bölegi
VRScope X5 Pro-M
Çalyşma zondy
Ø saýlanmady
Synagyň uzynlygy
Häzirki bahalary almak üçin diametri we gözden geçiriş görnüşini saýlaň
Merkezi bankyň walýuta hümmetinde şu gün hasaplanan deslapky çykdajylar

Ýörite teklip şertleriň nädip almalydygyny öwreniň!

Arzaňyzy goýmagyňyzy haýyş edýäris, biziň hünärmenimiz mümkin boldugyça gysga wagtyň içinde Siz bilen habarlaşar we maslahat berer.

VRScope X5 Pro-M ölçegli wideoendoskopyň artykmaçlygy

  • Suratyň ýokary hili
    Suraty işläp taýýarlamak algoritmi bilen ornaşdyrylan ýokary duýgurlyk öwrüjisi, ýokary hilli has ýiti suratlary almaga mümkinçilik berýär.
  • Ykjamly gurluşy
    "Coantec"-iň ergonomiki, ykjamly gurluşy, wideoendoskopynyň esasy blogyny eliňizde amatly saklamaga mümkinçilik berýär. Elektrik joýstigi zondy ähli tarapa 360 ° egilmäge mümkinçilik berýär.
  • Berk we ygtybarly korpusy
    Wideoendoskopyň korpusy urma çydamly ABS materialyndan ýasalan, hem-de ekranyň displeýi ygtybarlylygyny we berkligini ýokarlandyrýan ýörite örtük bilen goralan.
  • 3D ölçeg mümkinçiligi
    X5 Pro-M seriýaly 7 "-lyk displeý bilen wideoendoskop, nokatlaryň arasynda, nokatdan çyzyk bilen arasynda, nokatdan üst bilen arasynda aralyklaryny, birnäçe kesimlerden ybarat bolan çyzygyň uzynlygyny takyk ölçäp bilýän 3D ölçeg ulgamy bilen ornaşdyrylan.
SESLENMELER WE HATLAR
VRScope X5 Pro-M wideoendoskop barada wideosyna
tomaşa ediň
Eseriň möhüm böleklerine üns berdik
wideoendoskopyny ölçemek bilen
  • Suratyň örän gowy hili
    - - Yşyklandyryjyny sazlamak hyzmaty bilen ýokary ýagtylykly LED yşyk çyrasy, barlanan obýektleriň suratlarynyň ýokary ýagtylygyny we aýdyňlygyny almaga, garaňky ýerlerde kemçilikleri ýüze çykarmaga we uly ýerleri ýagtylandyrmaga mümkinçilik berýär.
    - Ýokary hilli HD matrisa bilen ýazyp alynýan suratlar has dürsli we tekiz bolup, detallary bilen baýlaşdyrylan (H1280 x V720 piksel).
    - 60 kard sekuntda bökdençsiz we silkinişsiz ýazyp alynýan wideolar has akgynly we takyk bolup, ownuk kemçilikleri çalt ýüze çykarmak mümkinçiligi berýär.
    - Sesi azaltmak algoritmi sesleri azaldýar we reňkleriň takyk ýazyp geçirmegini üpjün edýär.
    - Ýokary kontrastly 7"-lyk HD hilli IPS matrisaly (H1920 x V1200 piksel) ekrany.
    - Wideo ýazgy amala aşyranda suraty düşürip ýazmaga mümkinçilik berýär.

  • Takyk we akgynly zondyň hereketi
    - Duýgur joýstik distal ujuň burçuny takyk dolandyrmaga mümkinçilik berýär, duýgur gaýtargy hereket berýär, bökdençsiz, dolandyrmaga ýakymly, köp sanly eplemeler we geçmeler bilen kyn ýerlere aňsatlyk bilen girýär.
    - Zond operatoryň hereketini çalt we rahat gaýtalaýar.
    - Sensorly ekrandaky wirtual hereketleri joýstigiň işleýşini gaýtalaýar we zondyň has takyk dolandyrylmagy üçin niýetlenendir.

  • Güýçli ölçeg enjamy
    - Enjam, endoskopiki gözegçilikde obýektiwligi üpjün etmek üçin ýüze çykarylan kemçilikleri stereo ölçemek mümkinçiligi bilen ornaşdyrylan. Geometrik parametrleriň (uzynlygy, ini, çuňlugy, zeper ýeten meýdançany) ölçemegi has takyk we aňsat. Operator, sensorly ekranyň we dolandyryş joýstigiň kömegi bilen, obýekt barlanylanda göni wideoendoskopyň özünde ölçegleri ýerine ýetirip bilner.
    - Türkmen dilini goşmak mümkinçiligi bilen rus we iňlis dilindäki menýu

  • Ygtybarly we goragly
    - Zond, maşyn ýagy, ýeňil ýag önümleri bilen aragatnaşyk saklamaga rugsat berilýär.
    - Zondyň goramaklyk derejesi IP67.
    - Ýokary temperatura barada duýduryş berýän 2 basgançakly görkeziji, zondyň uzak ömürliligine ýardam edýär we barlanylýan bölegiň ýokary temperaturasy barada operatora duýduryş berýär.

MUGT görkezmäniň soramagy!


Arzaňyzy goýmagyňyzy haýyş edýäris, biziň hünärmenimiz gysga wagtyň içinde Siz bilen habarlaşar we aragatnaşygyň amatly görnüşini hödürlär.

MUGT görkezmäniň soramagy!


Arzaňyzy goýmagyňyzy haýyş edýäris, biziň hünärmenimiz gysga wagtyň içinde Siz bilen habarlaşar we aragatnaşygyň amatly görnüşini hödürlär.
TEHNIKI WIDEOENDOSKOPYŇ ULANYŞY
  • AWIASIÝA SENAGATY
    Hereketlendiriji, uçuş ygtybarlylygyny, howpsuzlygyny we uçar meselelerini ýerine ýetirmäge taýýarlygyny kesgitleýän esasy komponentdir. Hereketlendirijileriň gymmatlygy we onuň aýgytly oruny sebäpli häzirki wagtda hereketlendirijiniň bölekleriniň, şaýlarynyň we enjamlarynyň hakyky ýagdaýyna esaslanýan optimal iş strategiýasyny durmuşa geçirmek arkaly uly çeşmeler talap edilýär.
  • ATOM SENAGATY
    Geçen tejribelere laýyklykda, atom senagatynda endoskoplar bilen gözegçilik edýän ähli enjamlary dört giň kategoriýalara bölüp bolar: radiohimiýa önümçilik kärhanalaryndaky tehnologiki enjamlar, işleýän we ulanyşdan çykarylan senagat reaktorlary, suwuk galyndylary dikeltmek üçin tehnologiki enjamlar, şol sanda önümçilik we ulanyş prosesinde silindr we içi boş önümleriň içki diwarlary.
  • NEBIT WE GAZ PUDAGY
    Nebit we gaz pudagynyň desgalaryny anyklamak boýunça hünärmenleriň öňünde durýan esasy meseleleri şaylaryň we enjamlaryň tehniki ýagdaýyna uzakdan wizual gözegçilik etmekden, üstleriň we kebşirlenen bogunlaryň ýagdaýyna, şeýle hem detallaryň hiline baha bermekden ybaratdyr.
  • ENERGETIKI SENAGATY
    Wideoendoskoplar, bug we gaz turbinalaryny, turba boşluklaryny we kollektorlaryň içki diwarlaryny, himiki enjamlaryny, ýokary basyşly ulgamlaryny we dürli turbageçirijileriny wizual ölçemek we gözegçilik etmek işlerinde has netijelidir.

Coantec distribýutoryň şahadatnamasy
"Energy Development" kompaniýasy, Coantec önümleriniň Russiýa Federasiýasynda, Belarus respublikasynda, Ermenistanda, Moldowa respublikasynda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Özbegistanda ýeke-täk distribýutorydyr.
Ýygy-ýygydan berilýän soraglara jogaplar
Salam! Meniň adym Sanjar.

Men senagat wideoendoskoplary boýunça hünärmen.
Men VRScope X5 Pro-M bilen baglanyşykly ähli soraglaryňyza jogap bermäge taýyn.

Maslahat gerek bolan ýagdaýynda, maňa ýazyp ýa-da jaň edip bilersiňiz

Telefon: +7 (499) 350-85-07 goş. 110
E-mail: info@nrgdv.ru

Sanjar
Wideoendoskop hünärmeni

Meňzeş modeller

"Energy Development" JÇJ bilen – "COANTEC" resmi ýeke-täk distribýutory!