Top.Mail.Ru
 
VRScope X3-E
VRScope X3-E - bu Coantec -iň ösen ultra ykjamly senagat wideoendoskopdyr. 5,44"-lyk FHD hilli displeýiň we aşa ýagty yşyk çyrasyň netijesinde ygtybarly barlag işleri geçirmek üçin enjam açyk we dürsli suratlary alýar. Dürli meseleler üçin, enjamda diametri 2,0, 2,8, 3,9 we 6,0 mm we 1 - 10 metr uzynlyk bolan çalyşýan zondlary ulanyp bolýar. Dolandyryş we öndürijilik üçin VRScope X3-E enjama ynanyň!
Bahasy: 29 115 TMT
Satyjy kody: C00031
VRScope X3-6020E (D) jemlegi + çalşyrylýan kenar obýektiw.

Görkeziş zalynyň soňky nusgasy.
Click to order
Kepillik möhleti
3 ýyla çenli
kepillik berýäris
Hyzmat işleri
Moskwadaky we Şençzhenen şäherindäki hyzmat merkezi
Eltip bermek
Islendik şähere eltýäris
Goldaw
Okuw we kwalifikasion tehniki goldaw işleri ýerine ýetirýäris
Coantec VRScope X3-E bahasynyň kalkulýatory
=
+
Esasy bölegi
VRScope X3-E
Çalyşma zondy
Ø saýlanmady
Synagyň uzynlygy
Häzirki bahalary almak üçin diametri we gözden geçiriş görnüşini saýlaň
Merkezi bankyň walýuta hümmetinde şu gün hasaplanan deslapky çykdajylar
VRScope X3-E wideoendoskop barada wideosyna
tomaşa ediň

VRScope X3-E ölçegli wideoendoskopyň artykmaçlygy

  • Iň gowy suratyň hili
    - LED yşyk çyrasy iki esse ýagty.
    - 1 000 000 piksel bilen senagat HD hilli wideo kamerasy.
    - Ýokary kontrastly Full HD hilli 5,44"-lyk OLED displeý
  • Kardlaryň ýokary ýygylylygy
    60 kadr sekuntda ýygylylygy suratyň akgynly we takyk görmegini üpjün edýär. Aýlanýan we çalt hereket edýän obýektleri has netijeli seredip bolýar.
  • Ultra ykjamly we amatly
    Ergonomiki we ýeňil (diňe ≤1,5kg) bolup, enjamy elde saklamak amatly. Wideoendoskop, uçarda ýolagçy oturgyjynyň aşagynda saklap boljak ykjam gapda (keýsde) ýerleşdirilýär.
  • Ýokary berklik zondy
    Zond tozanyň we suwuň çydamlylygy IP67derejesine eýedir, poslama we tiz könelmä çydamlydyr. Maşyn ýagy, ýeňil ýag önümleri we 5% duzly ergin bilen aragatnaşyk saklamaga rugsat berilýär.

Ýörite teklip şertleriň nädip almalydygyny öwreniň!

Arzaňyzy goýmagyňyzy haýyş edýäris, biziň hünärmenimiz mümkin boldugyça gysga wagtyň içinde Siz bilen habarlaşar we maslahat berer.
SESLENMELER WE HATLAR

Wideoendoskop bilen gyzyklanýarsyňyzmy?

Arzaňyzy goýmagyňyzy haýyş edýäris, biziň hünärmenimiz mümkin boldugyça gysga wagtyň içinde Siz bilen habarlaşar we maslahat berer.
Biz, ölçegli wideoendoskopy bilen işleýän wagtynda, wajyp toplamlaryna üns berdik
  • Suratyň örän gowy hili
    - Yşyklandyryjyny sazlamak hyzmaty bilen ýokary ýagtylykly LED yşyk çyrasy, barlanan obýektleriň suratlarynyň ýokary ýagtylygyny we aýdyňlygyny almaga, garaňky ýerlerde kemçilikleri ýüze çykarmaga we uly ýerleri ýagtylandyrmaga mümkinçilik berýär.
    - Ýokary hilli HD matrisa bilen ýazyp alynýan suratlar has dürsli we tekiz bolup, detallary bilen baýlaşdyrylan (H1280 x V720 piksel).
    - 60 kard sekuntda bökdençsiz we silkinişsiz ýazyp alynýan wideolar has akgynly we takyk bolup, ownuk kemçilikleri çalt ýüze çykarmak mümkinçiligi berýär.
    - Sesi azaltmak algoritmi sesleri azaldýar we reňkleriň takyk ýazyp geçirmegini üpjün edýär.
    - Ýokary kontrastly 5,44"-lyk Full HD hilli OLED ekrany (H1920 x V1080 piksel).
  • Ygtybarly we goragly
    - Zond, maşyn ýagy, ýeňil ýag önümleri bilen aragatnaşyk saklamaga rugsat berilýär.
    - Zondyň goramaklyk derejesi IP67.
    - Ýokary temperatura barada duýduryş berýän 2 basgançakly görkeziji, zondyň uzak ömürliligine ýardam edýär we barlanylýan bölegiň ýokary temperaturasy barada operatora duýduryş berýär.

  • Ultra ykjamly we amatly
    - Ergonomiki we ýeňil (diňe ≤1,5kg) bolup, enjamy elde saklamak amatly, bu bolsa uzak möhletleýin barlag iş wagtynda operatoryň işini ep-esli ýeňilleşdirýär.
    - Wideo ýazga alanyňyzda suraty almaga mümkinçilik berýär.
    - Wideoendoskop, uçarda ýolagçy oturgyjynyň aşagynda saklap boljak ykjam gapda (keýsde) ýerleşdirilýär. Barlag işleri çalt, islendik wagt we islendik ýerde geçirilip bolýar.
    - Türkmen dilini goşmak mümkinçiligi bilen rus we iňlis dilindäki menýu

  • Takyk we akgynly zondyň hereketi
    - Duýgur joýstik distal ujuň burçuny takyk dolandyrmaga mümkinçilik berýär, duýgur gaýtargy hereket berýär, bökdençsiz, dolandyrmaga ýakymly, köp sanly eplemeler we geçmeler bilen kyn ýerlere aňsatlyk bilen girýär.
    - Zond operatoryň hereketini çalt we rahat gaýtalaýar.

MUGT
görkezmäniň soramagy!


Arzaňyzy goýmagyňyzy haýyş edýäris, biziň hünärmenimiz gysga wagtyň içinde Siz bilen habarlaşar we aragatnaşygyň amatly görnüşini hödürlär.

MUGT
görkezmäniň soramagy!


Arzaňyzy goýmagyňyzy haýyş edýäris, biziň hünärmenimiz gysga wagtyň içinde Siz bilen habarlaşar we aragatnaşygyň amatly görnüşini hödürlär.
TEHNIKI WIDEOENDOSKOPYŇ ULANYŞY
  • AWIASIÝA SENAGATY
    Hereketlendiriji, uçuş ygtybarlylygyny, howpsuzlygyny we uçar meselelerini ýerine ýetirmäge taýýarlygyny kesgitleýän esasy komponentdir. Hereketlendirijileriň gymmatlygy we onuň aýgytly oruny sebäpli häzirki wagtda hereketlendirijiniň bölekleriniň, şaýlarynyň we enjamlarynyň hakyky ýagdaýyna esaslanýan optimal iş strategiýasyny durmuşa geçirmek arkaly uly çeşmeler talap edilýär.
  • ATOM SENAGATY
    Geçen tejribelere laýyklykda, atom senagatynda endoskoplar bilen gözegçilik edýän ähli enjamlary dört giň kategoriýalara bölüp bolar: radiohimiýa önümçilik kärhanalaryndaky tehnologiki enjamlar, işleýän we ulanyşdan çykarylan senagat reaktorlary, suwuk galyndylary dikeltmek üçin tehnologiki enjamlar, şol sanda önümçilik we ulanyş prosesinde silindr we içi boş önümleriň içki diwarlary.
  • NEBIT WE GAZ PUDAGY
    Nebit we gaz pudagynyň desgalaryny anyklamak boýunça hünärmenleriň öňünde durýan esasy meseleleri şaylaryň we enjamlaryň tehniki ýagdaýyna uzakdan wizual gözegçilik etmekden, üstleriň we kebşirlenen bogunlaryň ýagdaýyna, şeýle hem detallaryň hiline baha bermekden ybaratdyr.
  • ENERGETIKI SENAGATY
    Wideoendoskoplar, bug we gaz turbinalaryny, turba boşluklaryny we kollektorlaryň içki diwarlaryny, himiki enjamlaryny, ýokary basyşly ulgamlaryny we dürli turbageçirijileriny wizual ölçemek we gözegçilik etmek işlerinde has netijelidir.

Coantec distribýutoryň şahadatnamasy
"Energy Development" kompaniýasy, Coantec önümleriniň Russiýa Federasiýasynda, Belarus respublikasynda, Ermenistanda, Moldowa respublikasynda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Özbegistanda ýeke-täk distribýutorydyr.
Ýygy-ýygydan berilýän soraglara jogaplar

Has giňişleýin maglumat bilen tanyş boluň!

Arzaňyzy goýmagyňyzy haýyş edýäris, biziň hünärmenimiz mümkin boldugyça gysga wagtyň içinde Siz bilen habarlaşar we maslahat berer.
Salam! Meniň adym Andreý.
Men senagat wideoendoskoplary boýunça hünärmen.

Men VRScope X3-E bilen baglanyşykly ähli soraglaryňyza jogap bermäge taýyn.
Maslahat gerek bolan ýagdaýynda, maňa ýazyp ýa-da jaň edip bilersiňiz.

Telefon: +7 (499) 350-85-07 goş. 103
E-mail: info@nrgdv.ru

Andreý
Wideoendoskop hünärmeni

Meňzeş modeller

"Energy Development" JÇJ bilen – COANTEC resmi ýeke-täk distribýutory!